Рубрика Sport

2024-nji ýylda çip satuwyndan gazanylan global girdeji görlüp-eşidilmedik 627,6 milliard dollara ýetdi

2024-nji ýylda ýarymgeçiriji komponentleriň satuwyndan gazanylan global girdeji 19,1 göterim ýokarlanyp, rekord derejä – 627,6 mlrd dollara ýetdi. Bu barada «tmcars.info» internet neşiri «SIA» assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. «SIA» assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, ösüşiň esasy hereketlendirijisi logiki mikroshemalar we ýat…

Читать далее

«Clash of Clans» oýnunyň işläp düzüjisi 2024-nji ýylda 3 milliard dollar girdeji gazandy

«Clash of Clans», «Clash Royale» we «Brawl Stars» oýunlarynyň işläp düzüjisi bolan «Tencent Holdings Ltd.» kompaniýasyna degişli fin oýun studiýasy «Supercell» 2024-nji ýylyň jemleri boýunça maliýe ugrundaky üstünligini mälim etdi diýip, «Bloomberg» neşiriniň habar  berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar. Maglumatlara görä, «Supercell» fin oýun studiýasynyň 2024-nji ýyldaky girdejisi rekord derejä – 3 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji…

Читать далее

Türkmen telekeçileri Moskwada geçiriljek halkara gurluşyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 11–14-nji marty aralygynda Moskwada geçiriljek 6-njy halkara ýöriteleşdirilen gurluşyk we bezeg önümleridir tehnologiýalary sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Sergi «Russiýanyň gurluşyk hepdeliginiň» çäginde geçirilýär. «RosBuild» bazary ýokary hilli gurluşyk…

Читать далее

«Adidas AG» kompaniýasy 5 milliard 970 million ýewro girdeji gazandy

Germaniýanyň sport eginbaşlaryny öndürýän «Adidas AG» kompaniýasy 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde düşewüntini 24 göterim artdyryp, 5 milliard 970 million ýewro girdeji gazandy. Bu barada «interfax.ru» internet neşiri habar berdi. Geçen ýylyň jemi boýunça bolsa «Adidas» kompaniýasynyň girdejisi 23,7 milliard ýewro,…

Читать далее

Ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry — kal­by­my­zyň çy­ra­gy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda her ýyly döwrebap atlandyrmak Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly bir asylly ýörelgesine öwrüldi. 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň…

Читать далее

Türkmenistanda «Salgyt düzgünleşdirmesi we Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalary: howplary azaltmagyň ýollary barada amaly maslahatlar» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Salgyt düzgünleşdirmesi we Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalary: howplary azaltmagyň ýollary barada amaly maslahatlar» atly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Maslahat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş…

Читать далее

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 440000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Anna güni – 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 440 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Şu gün ýurdumyzyň birža söwdalarynda bazarda BAE döwletiniň…

Читать далее

Malaýziýada Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag,…

Читать далее

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň web sahypasynda habar berildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklarynda «Merw» «Aşgabady», «Arkadag» topary «Ahaly», «Altyn Asyr» «Nebitçini», «Şagadam» bolsa «Köpetdagy» kabul…

Читать далее