«CES 2025»-de Fransiýanyň «Washin» başlangyjy tarapyndan öndürilen «Nola» kir ýuwujy maşyny guradyjy enjamy bilen görkezildi

«ixbt.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, «CES 2025» ady bilen guralan maglumat tehnologiýalarynyň hem-de öý hojalyk tehnikalarynyň sergisinde Fransiýanyň «Washin» başlangyjy tarapyndan öndürilen «Nola» kir ýuwujy maşyny hem-de guradyjy enjamy görkezildi. Bu energiýa netijeliligini hem-de amatlylygy utgaşdyrýan önüm hökmünde sergä gatnaşyjylaryň üns merkezinden ornuny tapdy.

Täze tehnologiýany öndürijiler emeli aň tehnologiýasynyň kir ýuwujy maşynyň ýuwuljak önümler üçin niýetlenen bölüminde ýerleşdirilen kameranyň üsti bilen kir ýuwmagyň görnüşini, tegmilleriň hem-de matanyň derejesini kesgitleýändigini tassyklaýarlar. Şeýlelikde, kir maşynyň özi ýuwmagyň iň amatly çözgüdini hödürleýär.

Emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän infragyzyl guradyjynyň bolsa elektrik energiýasyny sarp edişi ozalky bar bolan şeýle enjamlaryňkydan 55% azdyr. Kir ýuwmak üçin ulanylýan suwuň 95%-niň gaýtadan ulanylmagy bolsa suwuň sarp edilişini 66% tygşytlap biler.

Ответить