«Clash of Clans» oýnunyň işläp düzüjisi 2024-nji ýylda 3 milliard dollar girdeji gazandy

«Clash of Clans», «Clash Royale» we «Brawl Stars» oýunlarynyň işläp düzüjisi bolan «Tencent Holdings Ltd.» kompaniýasyna degişli fin oýun studiýasy «Supercell» 2024-nji ýylyň jemleri boýunça maliýe ugrundaky üstünligini mälim etdi diýip, «Bloomberg» neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.
Maglumatlara görä, «Supercell» fin oýun studiýasynyň 2024-nji ýyldaky girdejisi rekord derejä – 3 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 77 göterim köpdür. Göterimlerden, salgytlardan we amortizasiýadan öňki peýda 78 göterim artyp 947 million dollara ýetdi.
«Supercell» fin oýun studiýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Ilkki Paananeniň sözlerine görä, kompaniýanyň ähli oýunlary we hyzmatlary 2024-nji ýylda ösüş görkezdi. «Bu soňky on ýyldan bäri ilkinji gezek bolup dur» diýip, ol belläp geçdi.
«Bloomberg» neşiri mobil oýun bazarynyň kyn döwürlerden geçýändigine garamazdan, Supercell-iň gazanan üstünliginiň aýratyn üns berilmäge degişlidigini ýazýar.
«Sensor Tower»-iň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda mobil oýunlaryň «IAP («In-App Purchases) boýunça umumy girdejisi 80,9 milliard dollara ýetdi, emma 2021-nji ýylyň rekordlaryny geçip bilmedi. 2024-nji ýylda «Supercell Squad Busters» atly täze mobil oýnuny çykardy. Ilkinji ýedi aýyň dowamynda täze oýun 100 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Oýun pudagynda köpçülikleýin işden çykarmalaryň dowam edýän mahaly, «Supercell» fin oýun studiýasynyň işgärleriniň sany 2023-nji ýyldan bäri 31 göterim artdy we 686 adama ýetdi. Paananen, oýunçylaryň köpdürlüligi üçin zehinli işgärleri işe almagyň we kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady.