«Coca-Cola» kompaniýasynyň ýyllyk girdejisi 47,06 millard amerikan dollaryna barabar boldy

Amerikanyň dünýä belli «Coca-Cola» kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça girdejisi 3 göterim artyp, 47,06 millard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen « «Coca-Cola» arassa peýdasyny artdyrdy» atly makalada habar berildi.

Kompaniýa 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde girdejisini 6 göterim, arassa peýdasyny 11 göterim artdyrdy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, soňky çärýekde girdeji 11,54 milliard amerikan dollaryna, arassa peýda bolsa 2,2 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Kompaniýanyň girdejisi görkezilen möhletde Demirgazyk Amerikada 16 göterim, Latyn Amerikada 10 göterim, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada 6 göterim ösdi.«Coca-Cola» kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça girdejisi 3 göterim artyp, 47,06 millard amerikan dollaryna, arassa peýdasy bolsa 1 göterim peselip, 10,63 millard amerikan dollaryna barabar boldy.Geçen ýylyň dowamynda bolsa kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 8,8 göterim gymmatlady.

Ответить