Çolpon-Atada hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi

Düýn – 25-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky sanynda neşir edilen «Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara» atly makalada habar berildi.

           Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde, ilki bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, energetika ministri A.Saparowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri B.Torobaýewiň arasynda çäkli düzümde gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Soňra mejlis iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

          Mejlisiň dowamynda iki ýurduň işewür toparlaryna goldaw bermek, olaryň bilelikdäki hereketleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, anyk amaly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şunda gyrgyz wekiliýetiniň ýolbaşçysy B.Torobaýewiň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän gyrgyzystanly ýük daşaýjylar üçin ýeňillikli nyrhlaryň hödürlenilmegi, wiza amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi babatda beýan eden teklipleri-de gönüden-göni söwda alyşmalaryny giňeltmek maksadyndan ugur alýar.

Ответить