«Crocs» kompaniýasy arassa peýdasyny 45 göterim ýokarlandyrdy

Amerikanyň aýakgap öndüriji «Crocs» kompaniýasy 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde girdejisini 3 göterim, arassa peýdasyny bolsa 45 göterim ýokarlandyrdy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «45 göterim ýokarlandy» atly makalada habar berildi.

Maglumatlara görä, soňky çärýekde arassa peýda 368,9 million amerikan dollaryna deň boldy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy bolsa bir ýylyň dowamynda 4,16 amerikan dollaryndan 6,36 amerikan dollaryna çenli gymmatlady. Ahyrky çärýekde kompaniýanyň girdejisi 989,9 million amerikan dollaryna barabar boldy.«Crocs» kompaniýasynyň ýyllyk girdejisiniň 24 göterim, arassa peýdasynyň bolsa 9 göterim artandygy hem bellärliklidir.Maglumat üçin, geçen hepdäniň penşenbe güni kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 17,9 göterim gymmatlady.

Ответить