Daşary ýurt maýa goýumynyň ähmiýeti

Ýurtlaryň ykdysady ýagdaýy, köplenç, olaryň maýalyk işjeňligi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlary işjeň çekilýär. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek dürli görnüşlerde: bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly, daşary ýurt karzlary çekmek görnüşinde we karz geleşikleri, ýagny çig mal serişdelerine çalyşmak hem-de beýleki görnüşlerde amala aşyrylýar. Daşary ýurt maýalary bilen baglanyşykly bolan gatnaşyklar “Türkmenistanda inwestision iş hakynda”, “Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bilen düzgünleşdirilýär. Olar maýa goýumlyk işiniň hukuk-ykdysady şertlerini kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Maýsa Mämiýewanyň «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen “Daşary ýurt maýa goýumynyň ähmiýeti” atly makalasynda beýan edilýär.

Daşary ýurt maýalaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýumlar işiniň baş ýörelgesiniň möhüm bölegidir. Daşary ýurt maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, ylmy-tehniki progresiň ugurlaryny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň maýa goýumlary babatdaky syýasaty umumy ykdysady özgertmeleriň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklary nazara alnyp ýöredilýär. Şunda gaýtadan işleýän we önümçilik pudaklaryny kemala getirmäge, şeýle hem türkmen ýangyç serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga uly üns berilýär.
Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşlerine we haýsy döwlete degişlidigine garamazdan, maýa goýumlaryň goralmagy kepillendirilýär. Maýa goýumlaryň goralmagy Türkmenistanyň Kanunlary bilen üpjün edilýär. Şunda ähli maýa goýumlar barada maýa goýumlaryny dolandyrmaga, olary peýdalanmaga we ýok etmäge päsgel berip biljek kemsidiji häsiýetli çäreleriň ulanylmagynyň öňüni alýan deňhukukly düzgün üpjün edilýär. Şeýle hem maýa goýumlarynyň netijelerini alyp gitmegiň şertleri we tertibi göz öňünde tutulýar.
Maýa goýumlaryň bahasy tölenilmän, millileşdirilip elinden alnyp bilinmeýär. Muňa degişli çäreler diňe Türkmenistanyň kanunçylyk namalary esasynda hem-de maýa goýumlar işiniň bes edilmegi netijesinde ýetirilen ýitgileriň maýa goýuja doly möçberde öwezini dolmak bilen amala aşyrylyp bilner.
Dünýä hojalyk gatnaşyklarynda, köplenç, agdyklyk edýän harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasy bilen bilelikde soňky ýyllarda dürli görnüşdäki kapitalyň hereketiniň akymy güýçlenýär. Bu hereketiň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup halkara maýa goýumlary çykyş edýär. Öz häsiýeti we görnüşleri boýunça daşary ýurt maýalary dürli-dürlüdir.
Daşary ýurt maýa goýumlarynyň ulanylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp geçsek:
● ykdysadyýetdäki ösüş hereketleri güýçlendirýär;
● öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş usullary ulanmak mümkinçiligi döreýär;
● jemgyýetiň öz önümçilik güýçlerini ösdürmek üçin höwes döreýär;
● netijeli önümçilige we ykdysadyýetiň ösmegine, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kooperirlemegi bilen dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär.
Gytaklaýyn bähbitlerini belläp geçsek:
● täze tehnologiýalaryň we nou-haularyň çekilmegi;
● häzirki zaman önümçiligi dolandyrmagyň we gurnamagyň häzirki zaman tehnologiýalaryna eýe bolan hünärmenleri, dolandyryjylary we telekeçileri taýýarlamak mümkinçiligi;
● donor — ýurduň eksport kuwwatlyklarynyň güýçlenmegi;
● sebidiň resurslarynyň ösdürilmegi.
Mundan başga-da, milli we daşary ýurt maýadarlaryna maýalaryny wajyp pudaga, ýagny nebitgaz känlerini özleşdirmäge çekmek üçin birnäçe ýeňillikler kesgitlenendir.