«Daşoguz» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda geçen ýyl 1 million manata barabar azyk önümleri öndürildi

«Daşoguz» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda geçen ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň 35 tonna golaýy, süýji-kökeleriň hem 15 tonnasy öndürilip, pul mukdarynda 1 million manata barabar boldy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Azyk bolçulygyna goşant» atly makalada habar berildi.

«Daşoguz» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynda täze tehnologiýalar esasynda ýokary hilli hem tagamly çörek, süýji-köke we şöhlat önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Ilata söwda hyzmatyny guramagyň göreldesini görkezýän bu söwda firmasy boýunça geçen ýylyň dowamynda şöhlat önümleriniň 35 tonna golaýy, süýji-kökeleriň hem 15 tonnasy öndürilip, söwda nokatlary arkaly elýeterli nyrhlardan ilata ýetirildi. Önümçilik ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň, iň kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy, işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyklykda göwnejaý guralmagy netijesinde bu ýerde öndürilýän önümleriň mukdary hem-de görnüşleri artdy, önümleriň hili has-da ýokarlandy. Tutuş ýylyň dowamynda döwlet firmasynda taýýarlanylan azyk önümleri pul mukdarynda 1 million manata barabar boldy. Munuň özi önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.