Donald Tramp «$TRUMP Meme Coin» ady bilen öz şahsy kriptowalýutasyny çykardy

ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti saýlanan Donald Tramp «$TRUMP Meme Coin» ady bilen öz şahsy kriptowalýutasyny çykardy. Bu barada «Economic Times» neşiri habar berdi.
Neşirde Donald Trampyň «$TRUMP Meme Coin» ady bilen öz şahsy kriptowalýutasyny çykarandygy baradaky täzeligini ilki bilen özüniň «Truth Social» jemgyýetçilik torunda paýlaşandygy beýan edilýär.
Maglumatlara görä, «$TRUMP Meme Coin» tokeni dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni örän tiz özüne çekipdir. Tanyşdyrylanyndan bary-ýogy birnäçe sagatdan soň, kriptowalýutanyň bahasy 11 647 göterim ýokarlanypdyr. Taslamanyň maýalaşdyrylyşy 3 sagatdan gysga wagtda 8 milliard dollara, iň ýokary derejesinde bolsa 13 milliard dollara baryp ýetipdir.
Habar çap edilenden soň, Trampyň hasabynyň hakykylygyna şübheler ýüze çykdy, emma ol haker hüjüminiň bolmandygyny aýtdy. Şeýle-de kriptowalýutany işe girizmek, Trampyň sanly işjeňleriň (aktiwleriň) senagatyna we bitkoine ünsi jemlemek baradaky saýlaw kampaniýasynyň wadalaryna laýyk gelýär.
Kriptowalýutanyň umumy mukdary 1 milliard bolsa-da, 200 million token bazara çykaryldy. Olaryň 80 göterimi «The Trump Organization» bilen baglanyşykly «CIC Digital LLC» we «Fight Fight Fight LLC kompaniýalaryna degişlidir.
Habaryň ýazylan wagty bir tokeniň bahasy 24 dollara deň bolupdyr.