Donald Trampyň hususy kriptowalýuta söwdasynyň möçberi bir günde 15 milliard dollardan geçdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hususy kriptowalýutasynyň söwdasynyň möçberi bir günde 15 milliard dollardan geçdi. Bu barada «bloomberght.com» internet neşiri «CoinGecko» platformasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Syýasatçy özüniň «$TRUMP» memkoininiň işe girizilendigi barada 18-nji ýanwarda «Truth Social» sahypasynda habar berdi.

Işe girizilenden soň walýuta bir birlik üçin 4,29 dollar derejesinde satyldy. Ýöne 24 sagadyň dowamynda onuň bahasy on esseden gowrak ýokarlandy, soňra ösüşini dowam etdirip, iň ýokary derejesinde 73,43 dollara ýetdi. Soňra baha korrektirlendi, ýöne şol wagta çenli käbir söwdagärler kriptowalýutanyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan täsirli girdeji gazanyp bildi. Maýadarlaryň biri satuwyň başynda 1,1 million dollara 6 million teňňe satyn alyp, bir ýarym minutda 20 mln dollar gazandy.
Häzirki wagtda satyn almak üçin 200 mln token elýeterli. Işläp düzüjiler geljek üç ýylyň dowamynda tokenleriň umumy sanyny 1 milliarda çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.

Ответить