
Dünýäniň iň baý 10 adamy (2025-nji ýylyň ýanwary)

Ilon Mask 2025-nji ýyla dünýäniň iň baý adamy we şu güne çenli 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ýeke-täk milliarder hökmünde gadam basdy.
Ilon Mask täze ýyla diňe bir dünýäniň iň baý adamy hökmünde däl-de, eýsem Forbesiň kyrk ýyla golaý wagt bäri yzarlaýan maglumatlaryna görä 400 milliard dollardan gowrak ýeke-täk milliarderi hökmünde gadam basdy. Bu barada «forbes.com.tr» internet neşiri habar berdi.
Forbesiň çaklamalaryna görä, Mask täze ýyla 1-nji dekabrdan bäri 91 milliard dollar artyp, jemi 421,2 milliard dollar bolan baýlygy bilen gadam basdy. Baýlygyndaky uly ilerleme «SpaceX»-iň raketa kompaniýasyna 350 milliard dollar baha kesgitlän we ilkinji gezek «Bloomberg» tarapyndan habar berilen bir şertnama boýunça içerki taraplaryň paýnamalaryny yzyna satyn almaga razy bolanyndan soň peýda boldy. Kompaniýanyň mundan ozalky bahasy 210 milliard dollar möçberinde kesgitlenipdi.Mask «SpaceX» kompaniýasyny 2002-nji ýylda esaslandyrdy we bu kärhanany baş direktor hökmünde dolandyrýar. Ol kompaniýanyň takmynan 42 göterimine eýeçilik edýär. Täze bahalandyrma «SpaceX»-i «TixTok»-yň esasy kompaniýasy «ByteDance»-den, töleg firmasy «Stripe»-dan ýa-da «ChatGPT»-niň döredijisi «OpenAI»-dan has täsirli edip, ony dünýäniň iň gymmatly hususy kompaniýasyna öwürdi. Mask şol bir wagtda elektrik ulagy öndüriji «Tesla» kompaniýasyny dolandyrýar we onuň sosial mediýa firmasy X-da, emeli aň firmasy «xAI»-da we tunel kompaniýasy «Boring Co»-da paýnamalary bar.
2024-nji ýyla 251 milliard dollar baýlygy bilen gadam basan Mask, noýabr aýynda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlarynda Donald Trampyň ýeňiş gazanaly bäri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Tramp Masky, hökümetiň çykdajylaryny azaltmak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin döredilen täze maslahat beriş guramasy bolan Döwlet netijeliligi edarasynyň (Department of Government Efficiency – DOGE) başlygy wezipesine belledi.
Baýlygy bir aýyň içinde 10 milliard dollar artdy
Jeff Bezos dekabr aýynda dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda üçünji orundan ikinji ýeri eýeledi.Kompaniýanyň takmynan 9 göterimine eýeçilik edýän Amazonyň esaslandyryjysy we başlygy, elektron söwda ägirtleriniň paýnamalarynyň 5 göterim ýokarlanmagy sebäpli geçen aý takmynan 10 milliard dollar baýlaşdy. Ol 2025-nji ýyla takmynan 233,5 milliard dollar baýlygy bilen gadam basdy. Mask bilen arasynda takmynan 188 milliard dollar tapawut bar.
«Nvidia» kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jensen Huang ilkinji gezek iň baý 10 adamyň hataryna goşuldy. Huang bütindünýä milliarderleriniň sanawynda 10-njy ýerde durýar we takmynan 118 milliard dollar baýlyga eýe, onuň girdejisiniň köpüsi 2024-nji ýylda paýnamalary 171 göterim ýokarlanan çip dizaýnerindäki paýnamalaryndan gelýär. «Nvidia» kompaniýasy ýyly 3,28 trillion dollar bazar bahasynda tamamlamak bilen, «Microsoft» kompaniýasyndan has täsirli kompaniýa öwrüldi ( ýöne «Apple» kompaniýasy ýaly täsirli däl). Huang, egin-eşik öndüriji «Zara» kompaniýasyny we halka açyk esasy şereket «Inditex» kompaniýasyny esaslandyryjy ispaniýaly Amankio Ortegandan bütindünýä milliarderleriniň sanawynda öňe geçmekligi başardy.
Dünýäniň iň baý 10 adamynyň umumy baýlygy 1-nji dekabrda 1.8 trillion dollardan 1,9 trillion dollara çenli ýokarlandy. On adamdan ýedisi mundan bir aý öňküsinden has baýady. Bu toparyň iň uly zyýan çekeni «Oracle» kompaniýasynyň başlygy Larri Ellison boldy, onuň baýlygy bir aýyň dowamynda 17,2 milliard dollar azaldy we takmynan 210 milliard dollar bolup galdy. Ellison bütindünýä milliarderleriniň sanawynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda 2-nji orny eýelän bolsa, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda 3-nji orna düşdi. Forbes 1987-nji ýyldan bäri dünýädäki milliarderleri yzarlaýar we 2024-nji ýylyň aprelinde neşir edilýän ýyllyk sanawda 2781 milliarder bar.
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dünýäniň iň baý 10 adamy:
1. Ilon Mask.
Baýlygy: 421,2 milliard dollar.
Ýaşy: 53.
2. Jeff Bezos.
Baýlygy: 233,5 milliard dollar.
Ýaşy: 60.
3. Larri Ellison.
Baýlygy: 209,7 milliard dollar.
Ýaşy: 80.
4. Mark Zukerberg.
Baýlygy: 202,5 milliard dollar.
Ýaşy: 40.
5. Bernard Arnault.
Baýlygy: 168,8 milliard dollar.
Ýaşy: 75.
6. Larri Page.
Baýlygy: 156 milliard dollar.
Ýaşy: 51.
7. Sergeý Brin.
Baýlygy: 149 milliard dollar.
Ýaşy: 51.
8. Warren Baffet.
Baýlygy: 141,7 milliard dollar.
Ýaşy: 94.
9. Stewe Ballmer.
Baýlygy: 124,3 milliard dollar.
Ýaşy: 68.
10. Jensen Huang.
Baýlygy: 117,2 milliard dollar.
Ýaşy: 61.
Dünýäniň iň baý erkegi kim?
«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bütindünýä milliarderleriniň sanawynda dünýäniň iň baý adamy hökmünde bellige alyndy.
Dünýäniň iň baý zenany kim?
Dünýäniň iň baý zenany «Walmart» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Sam Waltonyň gyzy Elis Waltondyr. Ol 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bütindünýä milliarderleriniň sanawynda çak edilýän 99,9 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň 17-nji baý adamy hökmünde bellige alyndy. Baýlygy merhum kakasyndan miras galan Walmartdaky paýnamalaryna esaslanýar. Doganlary Rob, Jim we Jon (2005-nji ýylda aradan çykan) hem Walmartdaky paýnamalaryny kakalaryndan miras aldylar. Jonyň dul aýaly Kristi Walton bilen ogly Lukas Waltona Jonyň paýnamalary miras galdy we bularyň ikisi hem Forbesiň milliarderleriniň sanawynda ýer alýar.



