Dünýäniň iň baý 500 kişisiniň baýlygy 108 milliard dollar azaldy

Dünýäniň iň baý 500 kişisiniň baýlygy Hytaýyň «DeepSeek-R1» çatbotynyň üstünliginiň fonunda paýnamalaryň bahasynyň düşmegi sebäpli 108 milliard dollar azaldy. Bu barada «aniq.uz» web saýty «Bloomberg» internet neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.
Bu ýagdaý esasan-da «Nvidia» kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huanga ýaramaz täsir etdi, onuň baýlygy 20 göterim ýa-da 20,1 milliard dollar azaldy.
«DeepSeek-R1» çatboty öndürmek Hytaý kompaniýasyna takmynan 6 million dollara düşdi — bu «ChatGPT» öndürijileriniň sarp eden pul serişdelerinden 100 esse az hasaplanýar.
Duşenbe güni dünýäniň gazna bazarlarynda tehnologiýa pudagynyň paýnamalary ep-esli derejede azaldy. Hytaýyň «DeepSeek» emeli aňy günbatar gazna bazarlarynda çökgünlige getirdi. «Nvidia» kompaniýasy 500 milliard dollar zyýana galdy. Munuň sebäbi — Hytaýyň «DeepSeek» atly startapynyň «ChatGPT»-den («OpenAI») has öňdebaryjy diýlip hasaplanýan çat-boty işe girizmegi boldy diýip, «Bloomberg» internet neşiri habar berdi.
ABŞ-da «Nasdaq» 100 boýunça fýuçersler (geljekde amala aşyrylmaly şertnamalar) 3,3 göterim peseldi. «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary söwda başlamanka 13 göterimden hem köp pese düşdi. Bu görkeziji «Nvidia» kompaniýasy üçin 500 milliard dollar maýa ýitgisi diýmegi aňladýar. Niderlandlaryň mikroçip öndürijisi bolan «ASML»-iň paýnamalary, Amsterdamdaky irdenki söwdada 10 göterimden gowrak pese düşdi. Aziýada «SoftBank» paýnamalary 8 göterim, ýaponiýaly çip öndürijiler «Advantest» we Tokyoly «Electron» bolsa, degişlilikde 8,6 göterim we 4,9 göterim pese düşdi. Şol bir wagtda kriptowalýutalar hem öz gymmatyny ýitirdi: bitkoin (BTC) 98 müň dollara, efir (ETH) 3 müň dollara çenli pese gaçdy. Bilermenler bu ýagdaýlaryň sebäbini, «DeepSeek» startapynyň ABŞ-nyň tehnologiýa babatdaky üstünligine bolan bäsdeşligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Bilermenleriň pikirine görä, «DeepSeek» emeli aň ýaryşyndaky güýç deňagramlylygyny üýtgedip, bäsdeşlerini täze şertlere uýgunlaşmaga mejbur edip biler. «DeepSeek» programmasy eýýäm «Apple App Store»-daky iň gowy mugt programmalaryň sanawynda birinji orny eýeledi, şeýle-de «Google Play»-de iň köp ýüklenip alnan programmalaryň biri boldy.
«DeepSeek» kompaniýasynyň iň soňky emeli aň modeli has pes çiplerde hem ýokary netije görkezdi, bu bolsa «Nvidia» ýaly kompaniýalaryň öz çiplerine goýýan bahalarynyň esaslylygyny sorag astyna aldy. Soňky döwürde «Nvidia» kompaniýasy emeli aň pudagyndaky paýnama ösüşiniň öňdebaryjysy bolup, kompaniýanyň çipleri bu tehnologiýa üçin hökmany hasaplanýar.
«Dropbox» kompaniýasynyň emeli aň önümçilik we ösüş boýunça wise-prezidenti Morgan Braun: ««DeepSeek-R1» modeli GPU (grafiki prosessorlar) zerurlygyny 50 esse azaldýar. «OpenAI» kompaniýasynyň «GPT-4» modeli 100 müň GPU talap edýän bolsa, Hytaýyň çözgüdi diňe 2 müň GPU bilen işläp bilýär. «OpenAI O1» emeli aň modeline maglumatlary öwretmek üçin edilen çykdajylar 100 million dollar, «DeepSeek-R1» modeline öwretmek üçin edilen çykdajylar bolsa bary-ýogy 5 million dollardyr.» — diýip belläp geçýär.