Düýn Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynda 279 müň dollarlyk 1 geleşik baglaşyldy.

Düýn – 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň birža söwdalaşyklarynyň barşynda jemi 279 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

         Penşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 279 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Ответить