Eksporta ukyply dokma önümleri içerki hem daşarky bazaryň sarp edijilerine ýetirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muhammet Çopanowyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän hususy önümçilik kärhanasynyň eksporta ukyply dokma önümleri içerki hem daşarky bazaryň sarp edijilerine ýetirilýär we ýüplük, mata, egin-eşik önümçiliginde oňyn görkezijiler gazanylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen  «Häzirki zaman kärhana» atly makalada habar berildi.

Daşary döwletleriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hususy pudagyň wekilleriniň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan, eksporta ukyply önümleriň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar. Hususan-da, bu ýerde türkmen zenanlarynyň gözelligine gözellik goşýan öýmeler, ýaglyklar, şol bir wagtda, keşde sapaklary hem-de polotno matalary öndürilip, önümçilikde ýaş oglan-gyzlaryň 150-den gowragy tutanýerli zähmet çekýär.

— Biz hemişe täzelikleriň gözleginde. Çünki hususy telekeçilikde üstünlik gazanmak, ilkinji nobatda, hödürlemäniň görnüş sanynyň köplügine, şol bir wagtda, önümleriň ýokary hil derejesine bagly. Şundan ugur alsak, keşde sapaklarynyň dürli görnüşleri, matadyr ketenileriň hersiniň 50-den gowrak görnüşi öndürilýär. Ýaglykdyr öýmeler hem ýüzlerçe görnüşden ybarat bolup, ýakyn wagtda täze bezegli önümleri içerki sarp edijilere hödürlemegi meýilleşdirýäris. Bu babatda tutanýerli we döredijilikli zähmet çekýän işgärlerimiziň bar bolmagy, olaryň dizaýn ugrundan oňat baş çykarmagy bizi diýseň buýsandyrýar, iş netijeliligimiziň ýokarlanmagyna ýardam berýär — diýip, telekeçi Muhammet Çopanow aýdýar.

Bu kärhanada öndürilýän önümler içerki sarp edijilere ýetirilip, müşderileriň göwnünden turýar. Zenanlara niýetlenen önümleriň ak bazarlarymyzda, söwda merkezlerinde yzygiderli satyn alynmagy muny aýdyň tassyklaýar. Şeýle hem kärhananyň önümleri tapgyrlaýyn esasda yzygiderli ýagdaýda goňşy döwletlere eksport edilýär. Munuň özi eksporta ukyply dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarda diýseň geçginlidiginiň aýdyň mysalydyr.

Ответить