«Elwan sähra» ýokary hilli ter pomidorlary Russiýa, Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna eksport edýär

«Elwan sähra» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän bereketli hasyl içerki sarp edijilere ýetirilmek bilen birlikde, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Ýokary hilli ter pomidorlaryň eksporty» atly makalada habar berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýerleşýän bu kärhana döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen 15 gektar ýer böleginde döwrebap ýyladyşhana toplumy gurupdyr. Bu ýyladyşhana daşary döwletleriň, hususan-da, Ýewropanyň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen doly üpjün edilip, olara ýaşlaryň ýüzlerçesi tarapyndan ussatlarça erk edilýär. Işleriň awtomatik usullar arkaly alnyp barylmagy hem-de dolandyrylmagy içerki we daşarky bazarda diýseň geçginli bolan pomidoryň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär.
Şu günler toplumda işler gyzgalaňly dowam etdirilip, täze hasyl üstünlikli ýygnalyp alynýar. Ter pomidorlar ekologiýa taýdan arassa önümler bolup, olaryň ýokary hasyl bermegi, çekilen irginsiz zähmetiň rehnedidir. Munuň özi türkmen telekeçileriniň öňde goýulýan wezipelere üstünlikli hötde gelýändigini görkezmek bilen, hususyýetçileri täze üstünliklere atarýar.