
Eýran bilen Türkmenistanyň söwda dolanyşygynyň umumy bahasy 420 million ABŞ dollaryna barabar boldy

Geçen ýylyň 9 aýynyň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň nebit däl söwda dolanyşygy 1,16 million tonna bolup, umumy bahasy 420 mln ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Eýranyň Gümrük gullugynyň resmi web sahypasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň «Trend» habarlar agentligi habar berdi.
Maglumatlara görä, geçen ýylyň 9 aýy boýunça, ýagny 2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji dekabry aralygynda Türkmenistana Eýranyň nebit däl önümleriniň eksporty öňňiliň şol döwri (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan – 21-nji dekabry aralygy) bilen deňeşdirilende nyrh görkezijisinde 20,3 göterim, agram babatda 12,9 göterim ýokarlandy.Statistika maglumatlaryna görä, geçen ýylyň 9 aýynyň dowamynda Türkmenistana eýranyň nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,15 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 404 mln ABŞ dollaryna deň boldy.Statistika maglumatlarynda öňňiliň şol döwri üçin Türkmenistana eýranyň nebit däl önümleriniň eksport möçberi 1,02 mln tonna barabar bolup, onuň umumy bahasy 336 mln ABŞ dollaryna deň bolandygy barada aýdylýar. Esasan hem, oba hojalyk we azyk harytlary, senagat harytlary, transformatorlar, suw howa sazlaýjylary, nebit-himiýa önümleri eksport edildi.Statistika laýyklykda, geçen ýylyň 9 aýynyň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň nebit däl söwda dolanyşygy 1,16 million tonna bolup, umumy bahasy 420 mln ABŞ dollaryna barabar boldy.Eýranyň Gümrük gullugynyň statistikasyna görä, geçen ýylyň 9 aýynyň dowamynda Eýranyň nebit däl önümleriniň eksport möçberi 116 mln tonna bolup, umumy bahasy 43,1 milliard ABŞ dollara deň bolandygyny bellemeli. 2034-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda Eýranyň nebit däl önümleriniň eksport möçberi öňňiliň şol döwri bilen deňeşdirilende, nyrh görkezijisinde 18 göterim, agram babatda bolsa 13,8 göterim ýokarlandy.



