Eýranyň täze paýtagty Makran söwda hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri döreder

Eýranyň täze paýtagty Makran söwda hyzmatdaşlygy üçin täze başlangyç bolup, giň mümkinçilikleri döreder. «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» resmi web sahypasy bu barada hökümetiň metbugat sekretary Fatma Muhajeraniniň «Iran International» neşiri bilen bolan söhbetdeşliginde belläp geçendigini habar berdi.
Fatma Muhajerani 9 milliondan gowrak ilaty bolan paýtagt Tähranyň ornuny almagy meýilleşdirilýän täze paýtagt Makranyň söwda hyzmatdaşlygy boýunça täze başlangyç boljakdygyny mälim etdi.
Diýmek, Eýranyň hökümeti paýtagtyny demirgazykdaky Tährandan günorta kenarýakasyndaky Makran sebitine göçürmegi meýilleşdirýär. Paýtagtyň günortada sebitde ýurda ösüş getirjekdigini mälim eden Eýranyň wise-prezidenti Muhammed Reza Arif hem žurnalistlere beren beýanatynda: «Deňze gönükdirilen ösüş strategiýasy esasynda Makranyň ösdürilmegi hökümetiň ileri tutýan ugurlaryndan biridir» — diýip belläp geçdi.
Mundan ozal, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem paýtagty göçürmek babatda çykyş edipdi.