«Forbes Kazakhstan» žurnaly «Ýylyň telekeçisi» diýen işewürlik bäsleşiginiň ýeňijisini yglan etdi

«Forbes Kazakhstan» žurnaly her ýylyň başynda geçen ýylyň jemi boýunça «Ýylyň telekeçisi» diýen işewürlik bäsleşiginiň ýeňijisini yglan edýär. Bu ýyl bu işewürlik bäsleşiginiň ýeňijisi, «Ýylyň telekeçisi» diýen hormatly adyň eýesi «ABR» restoranlar torunyň esaslandyryjysy we baş ýerine ýetiriji direktory Askar Baýtasow boldy. Bu barada «Forbes Kazakhstan» žurnalynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda toruň iki restorany — «Ogonýok» we «Auyl» «Dünýäniň iň gowy 1000 restorany» atly abraýly halkara sanawyň jemleýji sanawyna girizildi. Mundan birnäçe aý öň bolsa — «Auyl» restorany ÝUNESKO-nyň «Prix Versailles» binagärlik baýragynyň dalaşgäri boldy. Ýeri gelende bellesek, Askar Baýtasow 2024-nji ýylda «Kazakhstan Growth Forum» baýragynyň «Ýylyň özgerdijisi» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ýeňijisi bolupdy.