«Foxconn» garaşylanyndan has ýokary girdeji gazandy

Dünýäniň iň uly elektronika öndürijileriniň biri bolan Taýwandaky «Foxconn» kompaniýasy emeli aň (AI) hyzmatlaryna bolan güýçli islegiň dowam etmegi sebäpli 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde henize çenli gazanmadyk iň ýokary girdejisini gazanmak bilen garaşylýandan has gowy netijäni görkezdi. Bu barada «foreks.com» internet neşiri habar berdi.

«Foxconn» öz beýanatynda girdejisiniň «Apple» kompaniýasynyň iň uly «iPhone» montažçysynyň girdejisinden 15,2 göterim ýokarlanyp, 2,13 trillion Taýwan walýutasyna (64,72 milliard dollar) bolandygyny aýtdy.

Bu görkeziji bilermenleriň «Foxconn» kompaniýasynyň girdejisiniň 2,1 trillion Taýwan walýutasyna barabar boljakdygy baradaky çaklamalaryndan has ýokary.

Ответить