Fransiýa emeli aň ulgamyna 109 milliard ýewro maýa goýýar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron emeli aňy ösdürmek üçin 109 milliard ýewro möçberdäki uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny mälim etdi. Bu karar Amerikanyň 500 milliard dollarlyk «Stargate» taslamasyna garşy Fransiýanyň beren jogaby bolup durýar diýip, «TechCrunch» internet neşiriniň habar berýändigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.

Bu barada Parižde 2024-nji ýylyň 10-11-nji fewralynda emeli aň boýunça geçirilen üçünji halkara sammitiň («AI Action Summit») çäginde aýdyldy. «TechCrunch» neşiriniň habaryna görä, bu serişdeleriň esasy bölegi emeli aň üçin ýörite niýetlenen täze maglumat merkezleriniň («data-center») gurluşygyna gönükdiriler. Makron şeýle-de emeli aň pudagy boýunça fransuz startaplary – «Mistral», «Owkin» we «Wandercraft» barada aýratyn belläp geçdi.«Hemmeler has uly we has güýçli bolmaly diýip pikir edýärdi. Emma DeepSeek «OpenAI» kompaniýasynyň iň soňky modelinde bar bolan innowasiýalary alyp, olary özüne uýgunlaşdyrmak arkaly has tygşytly çemeleşmeleriň mümkindigini subut etdi» — diýip, Makron belledi.Ýatlatsak, Mistral – emeli aň boýunça öňdebaryjy modelleri işläp düzýän «Alibaba», «Anthropic», «DeepSeek», «Meta» hem-de «OpenAI» ýaly tehnologiýa ägirtleri bilen bäsleşýän seýrek ýewropaly kompaniýalaryň biridir. Fransiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň mukdary ýurduň sarp edýän mukdaryndan köpdür. Şeýle-de elektrik energiýasynyň köp mukdary atom elektrik stansiýalarynda öndürilýär. Şol sebäpden Fransiýa köp energiýa talap edýän maglumat merkezleri üçin örän amatly mekan bolup durýar. Şeýle-de Makron, durnukly we ekologiýa taýdan arassa energiýa ulgamynyň Fransiýany emeli aň pudagyndaky iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ideal ýurda öwürýändigini belläp geçdi.

Ответить