Gazagystan «Toncoin» kriptowalýutasy bilen söwda amalyny makullady

Gazagystanyň maliýe bazaryny düzgünleşdiriji «Toncoin» sanly aktiwini (işjeňini) ygtybarly töleg serişdesi hökmünde makullady. Bu barada Astana halkara maliýe merkeziniň täzeliklerine salgylanyp «spot.uz» web sahypasy habar berdi.

         Bu karar Maliýe hyzmatlary guramasy tarapyndan «Toncoin» kriptowalýutasynyň kesgitlenen ülňülere laýykdygynyň hemmetaraplaýyn gözden geçirilmegi netijesinde kabul edildi.

         Maliýe hyzmatlary edarasy Astana halkara maliýe merkezinde maliýe hyzmatlaryna gözegçilik etmek üçin döredilen garaşsyz gözegçilik ediji guramadyr.

         Maýa goýumçylary indi «Toncoin» kriptowalýutasy bilen Maliýe hyzmatlary guramasynyň ygtyýarly platformalarynda erkin söwda edip bilerler.

         «Toncoin» kriptowalýutasynyň Astana halkara maliýe merkezi tarapyndan düzgünleşdirilen sanly gurşawa goşulmagy, howpsuz we aç-açan söwda mümkinçiliklerini gözleýän senagatçylaryň we bölekleýin maýadarlaryň täze tolkunyny özüne çeker diýlip garaşylýar.

         Bu karar Pawel Durowyň Gazagystana eden sapary wagtynda kabul edildi. Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Jaslan Madiýew Pawel Durowyň Gazagystanyň resmi ýolbaşçylarynyň çakylygy boýunça respublikany görendigini aýtdy.

         «Toncoin» — bu «The Open Network» (TON) blokçeyn platformasynda gurlan kriptowalýuta. Ilkibaşda bu taslama «Telegram Open Network» diýlip atlandyryldy we Telegram tarapyndan blokçeyn  platformasy hökmünde işlenip düzüldi. «Toncoin» indi TON ulgamynda sanly aktiw (işjeň) hökmünde ulanylýar.

Ответить