«Gök saraýyň» ýokary hilli täze nah ýüplükleri — müşderileriň esasy isleg bildirýän önümi

«Gök saraý» hususy kärhanasynda ýokary hil derejesinde öndürilip başlanan nah ýüplükler içerki sarp edijilere ýetirilip, täze önüm müşderileriň ýokary isleginden peýdalanýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Nah ýüplükler içerki bazara ýerlenilýär» atly makalada habar berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gök saraý» hususy kärhanasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde geçen ýylyň dekabr aýynda açylyp ulanmaga berlen täze önümçilik desgasynda desgalarynyň gurluşygy TSTB-niň agzasy «Köwser şerbeti» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary hil derejesinde ýerine ýetirildi. Degişli hünärmenleriň bellemeklerine görä, umumy meýdany 5 gektara barabar bolan kärhananyň 3 gektaryny önümçilik ussahanasy hem-de kömekçi binalar tutýar. Bu ýere Ýewropa ýurtlarynyň, Ýaponiýanyň hem-de Hytaýyň innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olar önümçiligi depginli alyp barmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň onlarçasyny jemleýän kärhana doly güýjünde işläp başlanda, bu ýerde 350-den gowrak täze iş orunlary dörär we işler üç çalşykda amala aşyrylar.
— Hususy kärhanamyzyň iş ugrunyň birinji tapgyrynda pagta süýüminden nah ýüplük öndürilmek bilen, ikinji tapgyrynda pagta we emeli süýümleri ulanmak arkaly garyşyk ýüplük öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärhanamyzyň kuwwatlylygy barada aýdylanda, bu ýerde her ýyl 500 tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan 4,25 müň tonnadan gowrak dürli hili ýüplükleri öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny bellemelidiris. Şunda pagta süýüminiň çig mal hökmünde ulanylyp, onuň gowaça ekýän daýhan hojalyklaryndan hem-de telekeçilerden şertnamalar esasynda satyn alynýandygyny aýtmak bolar — diýip, «Gök saraý» hususy kärhanasynyň degişli hünärmeni gürrüň berýär.
Ýakynda açylyp ulanmaga berlendigine garamazdan, bu ýerde işler göwnejaý ýola goýlupdyr. Muny hususy kärhananyň Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndan 3-4 müň gektarlyk meýdany kärendesine alyp, gowaça ekmegiň hem-de şol ýerden alynýan pagta süýümini önümçilige gönükdirmegiň meýilleşdirilmegi, bu ugurda degişli işleriň durmuşa geçirilmegi hem bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bir söz bilen aýdanyňda, ýokary hil derejesinde öndürilip başlanan nah ýüplükler içerki sarp edijilere ýetirilip, täze önüm müşderileriň ýokary isleginden peýdalanýar.