«Google» kompaniýasy 2025-nji ýylda emeli aň üçin 75 milliard dollar sarp eder

«Google» kompaniýasyna eýelik edýän «Alphabet» korporasiýasy geçen ýylyň dördünji çärýegindäki maliýe netijeleri barada hasabat berdi. Jemi girdejisi 12 göterim ýokarlanyp, 96,47 milliard dollara ýetdi, emma bu görkeziji analitikleriň çaklamalaryndan pes boldy diýip, «CNBC» internet neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazdy.

Kompaniýanyň bulut hyzmatlaryndan gelýän girdejisi 30 göterim ýokarlanyp, 11,96 milliard dollara ýetdi, ýöne bu hem maýadarlar üçin garaşylýan netijäni bermedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa hasaplaýyş kuwwatyny giňeltmek üçin şu ýyl 75 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär.Deňeşdirsek, «Meta Platforms» şu ýyl maýa goýum çykdajylary üçin 60 – 65 milliard dollar bölüp berer, «Microsof»t bolsa bu ugurda 80 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Bazar bilermenleri «Google» kompaniýasynyň bu ugurda 58,84 milliard dollar sarp edip biljekdigini çaklaýardylar, emma kompaniýa garaşylandan has köp maýa goýmagy meýilleşdirýär.Geçen çärýekde «Alphabet» korporasiýasynyň maýa goýum çykdajylary 14 milliard dollar boldy. Bu görkeziji bilermenleriň çaklamasyndan (13,26 milliard) has ýokary boldy. Şu ýyl kompaniýa bulut hyzmatlary we emeli aň bölümlerinde işgär sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär.«Google» kompaniýasynyň girdejisi «YouTube», gözleg hyzmatlarynda we beýleki hyzmatlar pudaklarynda örän haýal ösdi. Şeýle-de bolsa, «YouTube» geçen çärýekde 10,47 milliard dollar girdeji gazanyp, bazaryň çaklamalaryndan has ýokary netijeleri görkezdi.Bulut hyzmatlarynda «Google» kompaniýasynyň girdejisi 11,96 milliard dollar boldy. Maýadarlaryň garaşýan çaklamasy 12,19 milliard dollar bolsa-da, girdeji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterim ýokarlandy.«Google» kompaniýasynyň mahabat girdejisi çärýek netijelerine görä 10,6 göterim ýokarlanyp, geçen ýylky 11 göterim bilen deňeşdirilende pes boldy. Gözleg hyzmatlarynda girdeji 12,5 göterim ýokarlanyp, geçen ýylky 12,7 göterim bilen deňeşdirilende biraz peseldi. «YouTube»-yň mahabat girdejisi 13,8 göterim ýokarlanyp, geçen ýylky 15,5 göterim bilen deňeşdirilende pese düşdi. Hyzmatlar pudagyndaky girdeji bolsa 10,2 göterim ýokarlanyp, geçen ýylky 12,4 göterim bilen deňeşdirilende pes boldy.«Alphabet» korporasiýasynyň arassa girdejisi geçen çärýek boýunça 28 göterim ýokarlanyp, 26,54 milliard dollara ýetdi.

Ответить