Gözleg ulgamlarynyň bazarynda «Google» ulanyjylar uly möçberde azaldy

Russiýa Federasiýasynyň «TASS» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde – oktýabr, noýabr, dekabr aýlarynda «Google» gözleg ulgamynyň ulanyjylary örän uly möçberde azaldy. Bu babatdaky  görkezijiler oktýabr aýynda 89,34 göterime, noýabr aýynda 89,99 göterime, dekabr aýynda bolsa 89,73 göterime deň boldy. Bu ýagdaý 2024-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Federal kazyýeti gözleg ulgamy bazarynda «Google» şereketini monopolist hökmünde ykrar edip, kompaniýa garşy kazyýet işini açmagy bilen baglanyşykly bolmagy-da ähtimal.

«The Wall Street Journal» žurnalynyň belläp geçmegine görä, kazy Amit Mehtanyň «Google» kompaniýasy gözleg ulgamyny gurnamaklary üçin smartfon öndürijilerine milliardlarça dollar töläp, monopoliýany saklamakda öz bazar güýjüni ulanýanýar. 2022-nji ýylda kompaniýa, «Safari brauzerine» birikdirilmegi üçin «Apple» kompaniýasyna takmynan 20 milliard dollar töledi. Bu maliýe şertnamalary, «Google» şereketine smartfonlarda gözleg ulgamy bazarynyň 95 göterimini ele almaga we dünýädäki gözleg soraglarynyň 90 göterimini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Kazyýet, kompaniýanyň hereketleriniň bäsdeşligi basyp ýatyrýandygyny anyklady, ýöne «Google» şereketi bu karara garşy çykyp, «Amazon», «TikTok» we «Reddit» bilen bäsleşýändigini nygtaýar we gözleg ulgamynyň üstünligini önümleriniň ýokary hili bilen baglanyşdyrýar. Kazyýetiň karary, smartfon öndürijileri bilen şertnama baglaşmagy gadagan etmegi ýa-da uly jerime salmagy öz içine alyp biler.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň Adalat ministrligi «Google» şereketini onlaýn mahabat bazaryndaky monopoliýada aýyplap, kompaniýa garşy kazyýet işini açdy. Bu kazyýet işi sentýabr aýynda başlapdy. 2024-nji ýylyň oktýabr we dekabr aýynda «Google» gözleg ulgamynyň ulanyjylarynyň uly möçberde azalmagy hem, hut şu nukdaýnazardan bolmagy gaty ähtimal.

«Google» gözleg ulgamy 25 ýyldan gowrak wagt bäri onlaýn-gözleg ulgamlarynyň arasynda öňdebaryjy bolup gelýärdi. Ýöne muňa garamazdan, häzirki wagtda bu kompaniýanyň çynlakaý bäsdeşleri bar.

«Google» gözleg ulgamynyň ýitiren paýynyň «Bing», «Yandex» we «Yahoo» ýaly gözleg ulgamlarynyň arasynda paýlanandygy bellenýär. Indi gözleg ulgamlarynyň bazarynda «OpenAI» kompaniýasynyň «ChatGPT» önüminiň, «Perplexity»  başlangyjy tarapyndan döredilen emeli aňly «Perplexity» gözleg ulgamynyň hem çykyş edýändigi nygtalýar.

Emeli aňly «Perplexity» gözleg ulgamy, çeşmelere baglanmakdan başga-da, jikme-jik tekst jogaplaryny berýär diýip, «The Wall Street Journal» žurnalyna salgylanyp «Ferra» internet neşiri habar berdi.

«Gözleg ulgam-forumy» San-Fransiskoda ýerleşýän we düzümi bary-ýogy 40 adamdan ybarat amerikan «Perplexity»  başlangyjy tarapyndan döredildi.

Kompaniýanyň baş müdiri Arawind Şriniwas WSJ-a beren habarynda: «Kimdir biriniň soragyna gönüden-göni jogap berip bilseňiz, şol 10 gök baglanyşyk hiç kime gerek däl» — diýip belledi.

520 million dollarlyk başlangyç Amazon kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezosyň ünsüni özüne çekdi. «Perplexity» gözleg ulgamy «ChatGPT» we «Copilot» tehnologiýalarynda işleýär hem-de ulanyjylar çat-bot ýaly ulgam bilen iş salyşýarlar.

Ответить