«Grayscale» 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde has işjeň ulanyljak kriptowalýutalaryň sanawyny düzdi.

«Grayscale» maliýe kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde has işjeň ulanyljak kriptowalýutanyň sanawyny düzdi. Bu barada «ru.investing.com» internet neşiri habar berdi.
Bilermenler sanawyň birinji bäşliginde şu kriptowalýutalary goýdular: bitkoin, efirium, solana, çeinlink we sui. Maýa goýujylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolany üçin bitkoin wirtual walýutalaryň sanawynda birinjilige goýuldy. Beýleki dört kriptowalýutanyň ýokarky orunlary eýelemegi bolsa, olaryň infrastrukturalary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de kriptowalýutalaryň başdaky ýigrimiliginiň hataryna HYPE, ENA, VIRTUAL, JUP, JTO, GRASS ýaly wirtual walýutalar hem goşuldy.