Gyrgyz Respublikasy Russiýa bilen söwda amallaryny rublda amala aşyrýar

Gyrgyz Respublikasy Russiýa bilen söwda amallaryny rublda amala aşyrýar. Gyrgyz milli banky bu barada «Izwestiýa» gazetinde habar berdi.

         Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Russiýa Federasiýasy bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda amallaryndaky tölegleriň 95 göteriminden gowragy rublda edildi. Taraplar rubly iki ýurduň arasyndaky söwda amallarynda töleg serişdesi hökmünde ulanmaklygy geljekde-de dowam etdirmekçidigi barada «Izwestiýa» gazetinde neşir edilen habarda mälim edildi.

Ответить