Hindistan daşary ýurtlardan 71 müň tonna sogan satyn alyndy

Hindistan daşary ýurtlardan  71 müň tonna sogan satyn alyndy. Bu barada «EastFruit» portaly habar berdi.

         Hindistanyň hökümeti zerurlyk dörän halatynda içerki bazardaky islegleri kanagatlandyrmak we nyrhlaryň kadalylygyny üpjün etmek üçin ýarym million tonnalyk sogan ätiýaçlygyny döretmäge girişdi. Häzirki wagta çenli şu maksat bilen daşary ýurtlardan, takmynan, 71 müň tonna sogan satyn alyndy.

         «EastFruit» portalynyň ýazmagyna görä, soganyň bahasy baradaky durnuklaşdyrmak baradaky zerurlyk, esasan, oba hojalyga ýöriteleşen iri sebitlerde ýeterlik ygalyň bolmandygy üçin 2023 – 2024-nji ýyllaryň möwsüminde önümçiligiň 20 göterim azalmagy bilen ýüze çykdy.

Ответить