Hytaý Merkezi banky «Ortaça gowşak» pul syýasatyna taýýarlanýar

Hytaý Merkezi banky bolan «PBoC» Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň has işjeň makroykdysady syýasatlar talap etmeginden soň, ösüşi höweslendirmek üçin içerki islegi ýokarlandyrmaga gönükdirilen «Ortaça gowşak» pul syýasaty meýilnamasyny taýýarlady. Bu barada «foreks.com» internet neşiri habar berdi.
Pekin geçen ýyl emläk bazaryndaky batym (krizis), sarp edişiň gowşaklygy we hökümetiň bergileriniň ýokarlanmagy sebäpli dörän çökgünlikden ykdysadyýeti halas etmek üçin göreşdi.
Hytaý hökümeti göterim mukdaryny peseltmek we jaý satyn almak babatdaky çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek ýaly ösüşi ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri yglan etdi, ýöne ykdysatçylar has gönüden-göni höweslendirişiň zerur bolup biljekdigini duýdurdylar.
«PBoC» öz beýanynda durnukly ykdysady dikelişe goldaw bermek maksady bilen oňyn pul we maliýe gurşawyny döretmek üçin ortaça pul syýasatyny durmuşa geçirjekdigini aýtdy.
Şenbe güni neşir edilen beýanata görä, banklaryň karz bermek ýa-da maýa goýmak ýerine öz gaznalarynda näçeräk pul serişdelerini saklamalydygyny kesgitleýän göterim mukdaryny we ätiýaçlyk talaplaryny azaltmak meýilnamalary täzelendi.
«PBoC» maliýe ulgamynda ýeterlik mukdarda elýeterliligi (likwidligi) saklamak we karz bermegi ýokarlandyrmak üçin maliýe guramalaryny bu babatda ýol görkezmäge çagyrdy.
Üýtgeşmeleriň içerki we halkara şertlere baglylykda amatly bir wagtda durmuşa geçiriljekdigi mälim edildi.