Hytaýda 400 müň sany ozal sürlen awtoulag eksport edildi

Hytaýda geçen 2024-nji ýylda, takmynan, 400 müň  sany ozal sürlen awtoulag eksport edildi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 45 göterim köpdür. Bu barada Ýaponiýanyň öňdebaryjy ykdysady neşiri bolan «Nikkei» gazetine salgylanyp, «TASS» habar berdi.

Hytaýyň ulanylan awtoulaglarynyň esasy alyjylary Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa Federasiýasy boldy. Hususan-da, Hytaýdan ulanylýan awtoulaglaryň, takmynan, göterimi Gyrgyzystana, Russiýa we Özbegistana eksport edildi
2023-nji ýylda Hytaý bu görkeziji boýunça Ýaponiýadan öňe geçip, täze awtoulag eksporty boýunça dünýäde birinji orny eýeläpdi. Şol döwürde jemi 4,91 million awtoulag daşary ýurda ugradyldy. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 57,9 göterim köpdür. Täze awtoulaglaryň eksportynyň şowly bolmagy, ulanylan awtoulaglara bolan islegiň hem ýokarlanmagyna itergi berýär diýip, «Nikkei»  neşiriniň belläp geçýändigini «TASS» habar berdi .

Ответить