
Hytaýlylar Germaniýada «Volkswagen» zawodlaryny satyn almak isleýärler

Hytaý kompaniýalary we resmileri Germaniýanyň ýapylmagy meýilleşdirilýän awtoulag zawodlaryna, esasanam «Volkswagen» konsernine gyzyklanmaa bildirýär diýip, «Reuters» habarlar agentligi Hytaý hökümetiniň meýilnamalary bilen tanyş çeşmä salgylanyp habar berýär.
Germaniýa zawodlaryny satyn alynmagy Hytaýa nemes awtoulag senagatyna öz täsirini güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Hytaý kompaniýalary eýýäm nemes ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maýa goýýarlar, Germaniýada awtoulag öndürmek olar üçin täze serhet bolup galýar.
German awtoulag zawodlaryna maýa goýumlary Hytaýyň syýasy taýdan iň duýgur ädimi bolup biler diýip, «Reuters» ýazýar.
Uzak wagtyň dowamynda Germaniýanyň senagat kuwwatynyň nyşany bolan «Volkswagen» ykdysady çökgünlik we ýaşyl tehnologiýa geçmegi netijesinde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Germaniýada elektrik ulagy öndürmek hytaý kompaniýalaryna import edilýän awtoulaglar üçin Ýewropa Bileleşiginiň tariflerinden[1] gaça durmaga ýardam bermegi mümkin, bu ýagdaý olaryň Ýewropanyň awtoulag öndürijileri bilen bäsdeşlik ukybyny hasam güýçlendirer.
«Volkswagen» çykdajylaryny azaltmak maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde Drezden we Osnabrýukdaky zawodlary ýapmagy göz öňünde tutýar, ýöne Osnabrýuk zawodyny hytaýly alyja satmak üçin taýýar.
Kompaniýanyň wekili, maksadynyň firmanyň we onuň işgärleriniň bähbitlerini göz öňünde tutýan amatly çözgüt tapmak bolup durýandygyny aýtdy.
«Reuters» habarlar agentliginiň habaryna görä, Hytaýyň awtoulag öndürijileriniň köpüsi Ýewropada zawodlar açmagy göz öňünde tutýarlar. Käbirleri Wengriýa we Türkiýe ýaly arzanrak ýurtlarda zawod gurýarlar.
[1] Tarif – daşry ýurtdan haryt getirmäge päsgel berýän ýokary gümrük nyrhlary.



