Ilon Mask «OpenAI» kompaniýasyny satyn almak üçin 97,4 milliard dollar teklip edýär

«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar toparynyň üsti bilen «OpenAI» kompaniýasyny satyn almak başlangyjyny öňe sürdi. Ol «ChatGPT» döredijisini dolandyrýan täjirçilik däl guramany satyn almak üçin 97,4 milliard dollar teklip edýär diýip, «Wall Street Journal» neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.

Häzirki wagtda «OpenAI» öz gurluşyny üýtgedip, jemgyýetçilik bähbitli korporasiýa (PBC) modeline geçýär. Bu onuň täjirçilik ugurlaryny dolandyryşyň aýratyn bölümçä geçýändigini, täjirçilik däl böleginiň bolsa guramada diňe paýyny saklap galjakdygyny aňladýar.Maskyň teklibi onuň «OpenAI» we baş müdiri Sem Altman bilen gapma-garşylygynda nobatdaky waka boldy. 2024-nji ýylyň ahyrynda «Tesla» şereketiniň ýolbaşçysy kompaniýa garşy şikaýat arzasyny berip, onuň «PBC»-e geçmeginiň öňüni almaga çalyşdy. Ol dekabrda hem bu üýtgetmeleri gadagan etmek talaby bilen kazyýete ýüz tutup, onuň «OpenAI» kompaniýasynyň esasy ýörelgelerine ters gelýändigini aýtdy.Sem Altman jogap hökmünde Masky «dawa etmegi gowy görýän dawaçyl» diýip atlandyrdy. 2024-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky açyk hatda «OpenAI» Maskyň täjirçilik däl guramasyny esaslandyryjylaryň biri hökmünde özüniň heniz 2017-nji ýylda täjirçilik modelini hödürländigini aýtdy.Maskyň «OpenAI» kompaniýasyny satyn almak baradaky täze teklibini-de Sem Altman jogapsyz goýmady.«Ýok, sagbol, ýöne isleseň, biz Twitteri 9,74 mlrd dollara satyn alyp bileris» – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy.Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Mask Twitteri 44 mlrd dollara satyn alypdy.

Ответить