Ilon Mask ykdysadyýete we emeli aň dünýäsine düşünmek üçin 9 sany kitabyň sanawyny paýlaşdy

Amerikan telekeçisi, inženeri we milliarderi Ilon Mask ykdysadyýete we emeli aň dünýäsine düşünmek üçin 9 sany kitabyň sanawyny paýlaşdy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Kitaplaryň sanawy bilen paýlaşdy» atly makalada habar berildi.

Ilon Maskyň paýlaşan 9 sany kitabynyň sanawy şu aşakdaky görnüşdedir:

1. Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Rassel Stýurtyň «Emeli aňy nädip dolandyrmaly» kitaby;

2. Telekeçi Piter Til we Bleýk Mastersiň bilelikde ýazan «Noldan bire çenli: geljegi üýtgetjek startapy nädip gurmaly» kitaby;

3. Taryhçy Naomi Oreskes bilen Erik Konweýiň bilelikdäki ýazan «Telekeçileriň şübhesi» kitaby;

4. Astrofizik Maks Tegmarkyň «3.0 ýaşaýyş. Emeli aň zamanasynda nädip adam bolup galmaly» kitaby;

5. Fizik Şon Kerrollyň «Älem. Ýaşaýşyň gelip çykyşy, durmuşymyzyň manysy we kosmos» kitaby;

6. Filosof Sem Harrisiň «Ýalan. Näme üçin hakykaty aýtmak hemişe dogry» kitaby;

7. Oksford uniwersitetiniň professory, filosof Nik Bostromyň «Emeli aň. Tapgyrlary. Howpy. Strategiýasy» kitaby;

8. Ykdysatçy filosof Adam Smitiň «Tebigy gözlegler we halklaryň baýamagynyň sebäpleri» kitaby;

9. Skott Kimiň «Radikal gönülik» kitaby.

Ответить