«Iň gowy 100 direktorlar» sanawynda birinjilige Satýa Nadelýa mynasyp boldy

«Microsoft» korporasiýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Satýa Nadelýa «Brand Finance» kompaniýasynyň düzen «Iň gowy 100 direktorlar» sanawynda birinjilige mynasyp bolmagy başardy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Iň gowy direktor Satýa Nadelýa» atly makalada habar berildi.

Sanawyň ikinji ornuna bolsa «Apple» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Tim Kuk mynasyp görüldi. Abraýly sanawyň esasy bäşliginiň beýleki wekilleri bolsa şulardyr: «Nvidia» korporasiýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jensen Huan, «Ferrari» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Benedetto Winýa, şeýle-de «Alphabet» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Sundar Piçaýi. Maglumat üçin: «Apple» kompaniýasy dünýäde iň gymmat brentdir. Dünýäde iň gymmat brendleriň ikinjisi bolsa «Microsoft» kompaniýasydyr.

Ответить