«Kämilligiň gözbaşy» önümleri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar

«Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň ekologiýa taýdan arassa, ýagly hem-de ýokumly süýtden taýýarlanýan önümleri ýokary hil derejesine eýe bolup, içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Mallar göwnejaý gyşladylýar» atly makalada habar berildi.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetine döwlet tarapyndan 500 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onuň 10 gektar meýdanyny döwrebap maldarçylyk toplumy eýeleýär. Toplumda mallaryň oňat gyşladylmagy üçin ähli şertler döredilip, bu babatda agzybir işgärler topary tarapyndan irginsiz işler durmuşa geçirilýär.

Maldarçylyk işinde öňegidişlik gazanmak üçin ot-iým aladasyny ýylyň degişli möwsüminde etmeli, şeýle-de mallary ýyly gyşlatmak meselesini gyş pasly golaýlamanka çözmegi başarmaly. Şunuň bilen baglylykda, «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleri tarapyndan iým binýadyny kemala getirmek üçin öz wagtynda degişli işleriň geçirilendigini, şeýlelikde, mallar üçin gerekli iýmiň şu günler toplumyň çäginde ýokary depginde öndürilýändigini aýtmak gerek. Munuň özi bu ýerde bar bolan simmental tohumly et we süýt ugurly gara mallaryň göwnejaý gyşladyljakdygyna bolan ynamyňy has-da berkidýär.

Ýeri gelende bellesek, hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda idedilýän mallar üçin bölünip berlen ýer böleginiň 490 gektarynda dürli görnüşli oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ekinler, ýokarda belleýşimiz ýaly, mallary oňat idetmekde we olardan ýagly süýt almakda esasy orny eýeleýär. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gara mallardan her günde ençeme litr süýt alnyp, täzeligine ýerli konditer önümlerini alyp barýan telekeçilere ugradylýar. Ekologiýa taýdan arassa, ýagly hem-de ýokumly süýtden taýýarlanýan önümleriň ýokary hil derejesine eýe bolup, içerki bazarda uly islegden peýdalanjakdygy öz-özünden düşnüklidir.

Ответить