Kriptowalýuta bazary 2, 24 milliard dollar zyýana galdy

Kriptowalýuta bazary taryhy pese gaçyşlygy başdan geçiri we 2,24 milliard dollar zyýana galdy. Bu barada «tmcars.info» web saýty «RBK» internet neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Uly kriptobiržalarda şertnamalary yzarlaýan Coinglass hyzmatynyň maglumatlaryna görä, geçen 24 sagadyň dowamynda söwda şertnamalaryny ýapmagyň umumy möçberi 2,24 mlrd dollardan geçdi.Bitkoin (BTC) 91 müň dollara düşdi, şol bir wagtyň özünde onuň bazardaky paýy rekord 65 göterime ýetdi. Häzirki wagtda BTC 95 müň dollardan ýokary derejede bolmaga synanyşýar. Ýakynda bitkoin 109,1 müň dollara ýetip, rekordy täzeledi.«Ethereum» (ETH) hem uly pese gaçyşlaryň birini başdan geçirdi. Ol 26 göterim, ýagny 2000 dollara çenli pese düşdi. Beýleki belli altkoinler hem güýçli basyşa sezewar boldy: Solana (SOL) 175 dollara, Sui 2,4 dollara çenli peseldi.Kriptowalýuta bazarynda bahalaryň uly pese gaçyşy 2025-nji ýylyň 3-nji fewralyna geçilýän gije başlady we wagt taýdan Donald Trampyň eýýäm Meksika, Kanada we Hytaýa garşy girizen gümrük haklary bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşiginden hem haryt üpjünçiligi üçin goşmaça tölegleri yglan etmegi bilen gabat geldi.Şertnamalaryň ýapylmagy biržanyň treýderiň ýitgili şertnamasyny mejbury ýapýan prosesidir. Ýagny, bu treýderiň şertnamany açyk saklamak üçin ýeterlik serişdesi bolmadyk ýagdaýynda bolup geçýär.

Ответить