
«Lamborghini» kompaniýasy «Egoista» superkaryny 117 million dollara satdy

«Lamborghini» kompaniýasy ýeke-täk nusgada çykarylan «Egoista» superkaryny 117 mln dollara satdy. Bu barada «motor.ru» internet neşiri habar berdi.
«Lamborghini» kompaniýasy mundan ozal ýeke-täk nusgada çykarylan «Egoista» superkaryny öz muzeý gymmatlyklarynyň hatarynda saklamagy we satuwa çykarmazlygy meýilleşdiripdi, ýöne şahsy adamlar tarapyndan teklip edilen pul mukdary diýseň özüne çekiji bolansoň, kompaniýa bu awtoulagyny satmak kararyna gelipdir.
«Egoista» superkary ilkinji gezek 2013-nji ýylda hödürlendi. Superkar brendiň şol wagtky şef-dizaýneri Walter da Silwanyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlandy we reaktiw ýok edijisiniň (istrebitel) stilinde ýerine ýetirildi. Ol bir orunlyk kokpit (dolandyryş ýeri), aýna gümmez we aýrylýan rul bilen üpjün edildi. Kuzow antiradar örtügine we işjeň aerodinamika eýe boldy.
Awtoulagyň platformasy «Lamborghini Gallardo» modeline esaslanýar. «Egoista» superkary 600 at güýjüni berýän 5,2 litrlik V10 bilen enjamlaşdyryldy. Ýaňy-ýakyna çenli superkar «Lamborghini» kompaniýasynyň muzeýinde saklandy, indi bolsa näbelli ugra äkidildi. Şeýle ýagdaý 2022-nji ýylda hem bolup geçdi, şol wagt «Mercedes-Benz» 135 mln ýewro «300 SLR Uhlenhaut» kupesini satdy.



