«LinkedIn» premium abunadan 2 milliard dollar girdeji gazandy
«LinkedIn» soňky 12 aýyň dowamynda premium abunadan 2 milliard dollar girdeji gazandy we umumy ýyllyk ösüşi bolsa 9 göterim ýokarlandy. Bu barada «tmcars.info» web saýty «TechCrunch» internet neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.
Bir milliarddan gowrak ulanyjysy bolan bu sosial platforma durnukly ösmegini dowam edýär. Çarşenbe güni «Microsoft» kompaniýasynyň çärýeklik maliýe netijeleri yglan edilende, «LinkedIn» şereketiniň girdejisiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim ýokarlanandygy bellenildi. «Microsoft» kompaniýasynyň baş müdiri Satýa Nadella, soňky 12 aýyň dowamynda «LinkedIn» şereketiniň premium abunalykdan gelýän girdejisiniň 2 milliard dollardan geçendigini tassyklady.Maglumatlara görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda premium abunalykdan alnan girdeji 1,7 milliard dollar bolupdyr, bu bolsa «LinkedIn» kompaniýasynyň 16,2 milliard dollarlyk umumy girdejisiniň takmynan 12,5 göterimini düzýär. «LinkedIn» kompaniýasynyň baş müdiri Raýan Roslanskiniň aýtmagyna görä, abunalykdan 2 milliard dollar girdeji getirýän işi döretmek, taryh boýunça diňe sanlyja kompaniýanyň başaryp bilen uly üstünligidir. «LinkedIn» premium abunalygyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Iş gözlemek we professional ösüş üçin niýetlenen täze emeli aň gurallary premium ulanyjylaryň eýýäm 40 göterimi tarapyndan işjeň ulanylýar.