
Malaýziýa bilen Singapur global maýa goýumlary çekmek üçin bilelikdäki ykdysady zolagy dörederler

Malaýziýa bilen Singapur global maýa goýumlary çekmek hem-desöwda akymlaryny çaltlaşdyrmak üçin bilelikdäki ykdysady zolagy dörederler. Bu barada «fokusplus.com» internet neşiri habar berdi.
Neşiriň ýerli metbugatyň täzeliklerine salgylanyp berýän habaryna görä, Malaýziýanyň Putrajaýa Federal sebitinde geçirilen dabara ýurduň Premýer-ministri Enwer Ibrahim hem-de onuň singapurly kärdeşi Lawrense, iki ýurduň ýokary derejeli resmileri gatnaşdy.
Dabarada global maýa goýumlaryny çekmek hem-de täjirçilik harytlarynyň we adamlaryň akymyny çaltlaşdyrmak maksady bilen iki ýurduň arasynda ýörite ykdysady zona döretmek barada şertnama baglaşyldy
Şertnama laýyklykda, ykdysady sebit Malaýziýanyň günortasyndaky Johor welaýatynda gurlar. Bu ýerde dürli pudaklara degişli taslamalar durmuşa geçirilende salgyt ýeňillikleri hödürlener. Sebitde awiasiýa, önümçilik, syýahatçylyk, energiýa we saglygy goraýyş ýaly ugurlara degişli taslamalar durmuşa geçiriler. 5 ýylyň dowamynda 50 taslamanyň durmuşa geçirilmegine we 20 müň sany ýokary hünär talap edýän iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. Malaýziýa üstümizdäki ýylda Günorta-gündogar Aziýa Milletler Bileleşigine (ASEAN) hem başlyklyk edýär.



