Masato Kanda Aziýanyň Ösüş bankynyň 11-nji prezidenti boldy

Masato Kanda Aziýanyň Ösüş bankynyň 11-nji prezidenti bolup resmi taýdan wezipesine girişdi. Bu barada maliýe edarasynyň resmi saýty habar berýär diýip, «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» internet neşiri ýazýar.
– Biziň sebitimiz üçin örän möhüm döwürde Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçy wezipesine bellenmegiň meniň üçin uly mertebedir. Biziň agzalarymyzyň 69-synyň ynamyny gazandym. Bankyň işgärleri bilen inklýuziw we durnukly ösüş üçin zähmet çekeris. Bilelikde ösüş ugrunda tagalla edip, Aziýanyň Ösüş bankynyň sebitde esasy hyzmatdaş bolup galmagyny gazanarys – Kanda belledi.Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aziýanyň Ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi Masato Kandany bankyň ýolbaşçysy wezipesine belledi. Ol bu wezipäni 2026-njy ýylyň 23-nji noýabryna çenli alyp barar.Aziýanyň Ösüş banky – öňdebaryjy köptaraplaýyn ösüş bankydyr.