Mask X-i düşewüntli etmegi başardy

Mask X-i düşewüntli edip başardy, ýöne girdejisi şonda-da Twitter-iň derejesinden pes diýip, sosial ulgamyň maliýe görkezijilerine elýeterli bolan Bloomberg agentliginiň habar berendigini «tmcars.info» internet neşiri ýazýar.

Maglumatlara görä, Ilon Maska degişli bolan X kompaniýasy 2024-nji ýyly 2,6 mlrd dollar girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2023-nji ýyldaky 2,96 mlrd dollar derejeden pesdir. Şol bir wagtyň özünde X 1,4 mlrd dollar möçberde düşewünt almagy başardy.Belläp geçsek, 2021-nji ýylda, Mask Twitter-i satyn almazdan ozal, kompaniýa ýitgili bolup galsa-da, 5,1 mlrd dollar möçberde girdeji gazanýardy.X-iň karz borçlary meseleli bolup galýar: olar girdejiden dokuz esse ýokary bolup, bank pudagynda kabul edilen kadalaryň çäginden çykýar. Muňa garamazdan, X-iň kapitalizasiýasy 44 mlrd dollara çenli ýokarlandy, bu bolsa Maskyň 2022-nji ýylda Twitter-i satyn alan wagtyndaky derejä gabat gelýär.xAI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk X-e hem peýda, hem çykdajy getirýär. Mysal üçin, xAI kompaniýasy X-e 65 mln dollar ygtyýarnama tölegini geçirip, 200 mln dollardan gowrak goşmaça girdeji bilen üpjün etdi. Ýöne xAI üçin gymmat bahaly tizleşdirijileri satyn almak üçin X ep-esli pul sarp etdi, bu hem onuň erkin pul serişdelerini 1,4 mlrd dollardan 400 mln dollara çenli azaltdy.Maskyň syýasy işi käbir mahabat berijileri özüne çekip, beýlekileri bolsa ürküzip, X-e ters täsir edýär. Muňa garamazdan, Amazon, Apple, Kraft Heinz we Stellantis NV ýaly kompanialar öz mahabatlaryny platforma goşdy, bu bolsa maliýe akymyny güýçlendirip, berginiň üzülmegine kömek etmeli.

Ответить