
Mekgede we Medinede gozgalmaýan emläge maýa goýmaga rugsat berildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa bazary edarasy (CMA) daşary ýurtly maýadarlara 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndan başlap, Mekge we Medine şäherleriniň gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän kompaniýalaryna maýa goýmaga rugsat berýändigini yglan etdi. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň «zamanturkmenistan.com.tm» web sahypasynda habar berildi.
Şeýle çözgüt daşary ýurtly maýadarlara zyýaratçylary ýerleşdirmekden girdeji alýan kompaniýalarda paý satyn almaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlular diňe paýnamalara we beýleki käbir gymmatly kagyzlara maýa goýup biler. Ýöne olar şeýle kompaniýalaryň paýnamalarynyň 49 göteriminden gowragyna eýeçilik edip bilmez. Düzgünleriň üýtgemeginiň maksady bellenilen şäherlerde taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.Haj zyýaraty Saud Arabystany Patyşalygynyň esasy girdeji çeşmelerinden biridir. 2019-njy ýylda «COVID-19» pandemiýasyndan öň 7,5 million zyýaratçy Mekgä we Medinä baryp, ýurduň ykdysadyýetine, takmynan, 12 milliard dollar girdeji getirdi. Häkimiýetler 2030-njy ýyla çenli zyýaratçylaryň sanyny 30 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Saud Arabystany Patyşalygy «Vision 2030» maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň ykdysadyýetiniň nebit pudagyna garaşlylygyny azaltmagy, syýahatçylygy, tehnologiýany we beýleki pudaklary ösdürmegi maksat edinýärler. Geçen ýyl 1,8 million zyýaratçy mukaddes Mekgä haj zyýaratyny amala aşyrdy.



