«$MELANIA» atly täze memkoin işe girizildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz şahsy X sosial ulgamynda öz aýaly Melaniýa Trampyň hormatyna  täze memkoiniň – «$MELANIA» atlykriptowalýutanyň işe girizilendigi hakynda beýan ýerleşdirdi. Bu barada «tr.euronews.com» internet neşiri habar berdi.

«$MELANIA» atly täze memkoiniň dynç güni işe girizilmegi ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Trampyň öz hususy kriptowalýutasynyň hem bahasyna täsir etdi. Ýekşenbe gününiň ortasynda «$TRUMP» bahasyndan 36 göterimini ýitirdi.

Häzir (Aşgabat wagty bilen 20-nji ýanwar sagat 11:49-a çenli ýagdaýa görä) memkoin 61,52 dollar derejesinde satylýar we henizem ösüş görkezýär.
Memkoin – bu internet memlerinden ylham alan sanly walýuta. Adaty kriptowalýutalardan tapawutlylykda, şeýle tokenleriň düýpli gymmaty ýok. Olaryň bahasy diňe bazara gatnaşyjylaryň gyzyklanmalary we islegleri sebäpli emele gelýär.
«$TRUMP» teňňesi Solana (SOL) blokçeýninde döredildi. Kriptowalýutanyň nyşany elini ýokary galdyryp duran we «FIGHT FIGHT FIGHT» ýazgyly Donald Trampy şekillendirýär. Bu 2024-nji ýylyň iýul aýynda bolup geçen Trampyň janyna kast etmek synanyşygyna ugrukdyrmadyr.

Ответить