«Mercedes – Benz» awtoulaglarynyň satuwy 2024-nji ýylda 3 göterim azaldy

2024-nji ýylda «Mercedes – Benz» awtoulaglarynyň satuwynyň 2023-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 3 göterim azalandygy barada «interfax.ru» internet neşiri kompaniýanyň resmi web saýtyna salgylanyp, habar berdi.
«Mercedes – Benz» awtoulaglarynyň geçen ýyl 1 million 983,4 müňüsi, 2023-nji ýyl bolsa 2 million 43,8 müňüsi satyldy.
«Mercedes – Benz» awtoulaglaryň satuwy Ýewropada 3 göterim peselip, 165,8 müňe, Hytaýda 7 göterim peselip, 171,4 müňe ýetdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolsa, bu görkeziji 9 göterim ýokarlanyp, satylan awtoulaglaryň sany 88,3 müňe deň boldy.
«Mercedes – Benz» kompaniýasynyň elektrik awtoulaglarynyň (BEV) satuwy 23 azaldy we 185,1 müňe ýetdi. Ýöne, muňa garamazdan, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde «BEV»-iň satuwy öňki çärýekden 16 göterim ýokarlandy.
Satylan awtoulaglarynyň sanyna garamazdan, «Mercedes – Benz» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy geçen hepdäniň anna güni 2,5 göterim gymmatlady.