«Mercedes–Benz Group AG» kompaniýasynyň arassa peýdasy geçen ýyl 17,6 göterim pese düşdi

«Mercedes–Benz Group AG» kompaniýasynyň arassa peýdasy 2024-nji ýylyň IV çärýeginde 17,6 göterim pese düşdi diýip, kompaniýanyň hasabatynda bellenilýändigi barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Arassa peýdasy 17,6 göterim peseldi» atly makalada habar berildi.

«Mercedes–Benz Group AG» kompaniýasynyň görkezilen möhletdäki girdejisi bolsa 3,8 göterim peseldi. Netijede kompaniýa geçen ýylyň soňky çärýeginde 38,45 milliard amerikan dollary girdeji, 2,6 milliard amerikan dollary möçberinde arassa peýda gazandy. Şeýle-de soňky çärýekde kompaniýanyň «Mercedes–Benz Cars» we «Mercedes– Benz Vans» bölümleriniň girdejisi 1 göterim hem-de «Mercedes–Benz Mobility» girdejisi bolsa 11,5 göterim azaldy.

Ответить