«Meta» kompaniýasy «FuriosaAI» şereketini satyn almagy meýilleşdirýär

«Meta» kompaniýasy emeli aň ulgamlary üçin serwer infrastrukturasyny güýçlendirmek maksady bilen, düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän we emeli aň tizlendirijileri öndürýän «FuriosaAI» kompaniýasyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada «TechCrunch» neşiri habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.
«Samsung» we «AMD» kompaniýalarynyň öňki işgärleri tarapyndan esaslandyrylan «FuriosaAI» kompaniýasy emeli aň modelleriniň işini ep-esli çaltlandyrýan çipleri işläp düzýär. Bu modellere «Meta» kompaniýasynyň «Llama 2» we «Llama 3» ýaly tekst generasiýa modelleri hem degişlidir.Maglumatlara görä, «FuriosaAI» kompaniýasy Günorta Koreýanyň tehnologik kompaniýasy «Naver»-iň hem gatnaşmagynda maýadarlardan takmynan 90 milliard koreý wony (takmynan, 61,94 million dollar) maýa çekdi. «FuriosaAI» kompaniýasy ABŞ-daky, Ýaponiýadaky we Hindistandaky potensial müşderiler bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ozal hem aýdypdy, emma olaryň atlaryny aç-açan beýan etmändi.Bilermenleriň pikirine görä, bu ädim «Meta» kompaniýasynyň «Nvidia» kompaniýasyna bolan garaşlylygyny azaltmak, şeýle hem ýokary öndürijilikli emeli aň tizlendirijileri döretmek baradaky tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.Ýatlatsak, «OpenAI» kompaniýasynyň hem şu ýyl özüniň ýörite emeli aň çipleriniň önümçiligine başlajakdygyny habar beripdik. Şeýle-de Saud Arabystanynyň hökümeti hem emeli aň çip öndürijisi bolan «Groq» kompaniýasyna 1,5 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim edipdi.