Milliarder Mukeş Ambani Hindistanda guruljak dünýäniň iň uly maglumat merkezi üçin 20 – 30 milliard dollar aralygynda maýa goýýar

Hindistanyň iň baý adamy Mukeş Ambaniniň esaslandyran «Reliance Group» kompaniýasy ýurduň Gujarat welaýatynyň Jamnagar şäherinde guruljak dünýäniň iň uly, naýbaşy maglumat merkezi üçin 20 – 30 milliard dollar aralygynda maýa goýýar. Bu barada «overclockers.ru» internet neşiri habar berdi.
Täze maglumat merkeziniň kuwwaty 3 GWt-a çenli bolar, bu häzir dünýädäki iň ýokary kuwwat bolan 600 MWt-dan (Wirjiniýadaky «Microsoft» kompaniýasynyň maglumat merkeziniň kuwwaty şunuň ýaly) ep-esli ýokarydyr.
Merkez emeli aň üçin zerur bolan köp mukdardaky maglumatlary gaýtadan işlemek üçin «Nvidia» kompaniýasynyň çiplerini ulanar. Şeýle hem «Reliance Group» kompaniýasynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy meýilleşdirýär, ýöne çeşmeler adaty energiýa çeşmelerinden peýdalanmakdan doly gaça durmagyň kyn boljakdygyny aýdýarlar.
Ambaniniň taslamasy öz göwrümi we hyjuwy bilen «Microsoft», «Alphabet» we «Amazon» ýaly kompaniýalaryň global başlangyçlaryndan tapawutlanýar. Geçen hepde «OpenAI», «SoftBank» we «Oracle» ABŞ-nyň emeli aň infrastrukturasyna 100 milliarddan 500 milliard dollar aralygynda maýa goýmak meýilnamasyny yglan etdiler, emma maglumat merkezini döretmek babatda entek anyk belli zat ýok.
Täze maglumat merkeziniň Hindistanyň häzirki wagtda 1 GWt-danam pes bolan maglumat merkeziniň umumy kuwwatyny artdyrmaga kömek etmegine garaşylýar.
Ambani agressiw iş syýasaty bilen tanalýar. Ol simsiz aragatnaşyk hyzmatynyň bahasyny birnäçe gezek arzanlatdy, bu bolsa bir topar bäsdeşleriň bazardan gitmegine sebäp boldy. Indi ol emeli aň giňişliginde şuňa meňzeş iş usulyny ulanýar we arzan bahadan hasaplaýyş hyzmatlaryny berjekdigini wada berýär. Bu her sargytsaýy hasaplaýyş çeşmeleriniň bahasy ýokarlanýan «OpenAI» ýaly kompaniýalar üçin aýratyn möhüm bolan emeli aň bilen baglanyşykly amallaryň çykdajylaryny ep-esli azaldyp biler.