
Milliarder Skott Bessent ABŞ-nyň Maliýe ministri wezipesine bellendi

ABŞ-nyň parlamentiniň Senaty Uoll-Stritdäki milliarder maýadar Skott Bessenti ýurduň Maliýe ministri wezipesine belledi.Senatda onuň bu wezipä dalaşgärligi 68 oňyn ses bilen (29 garşy) makullandy. Bu barada «aniq.uz» web saýty «CBS News» internet neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.
Bessent komitete özüniň Günorta Karolinada doglandygyny we önüp-ösendigini, maşgalasynyň maddy taýdan kynçylyk çekendigini we dokuz ýaşyndaka işe başlandygyny aýtdy. Soň bolsa Ýel uniwersitetine okuwa girdi we maliýe pudagynda işläp başlady. Onuň maşgalasy, öň Nýu-Ýork şäheriniň prokurory bolup işlän Jon Frimenden iki çagasy bar.
62 ýaşly Bessent Konnektikutda ýerleşýän «Key Square Group» girdeji gaznasynyň esaslandyryjysy.
«Bessentiň bu wezipä laýyk gelýän onýyllyk akademiki, hünär we ýolbaşçylyk tejribesi, şeýle hem täsirli kätip bolmak üçin abraýy we häsiýeti bar. Bessent, şübhesiz gazna kätibi üçin ajaýyp saýlawdyr» — diýip, Maliýe komitetiniň başlygy senator Maýk Krapo aýtdy.
Milliarder, «Soros Fund Management» guramasynyň öňki başlygy, Tramp kampaniýasyna ykdysady meseleler boýunça maslahat beren we soňky ýyllarda Donald Trampyň syýasatyny, nyrhlardan başlap, çykdajylaryň azaldylmagyna çenli ähli başlangyçlaryny işjeň goldady.
Gazna sekretary hökmünde Bessent ýurduň maliýe ýagdaýyny dolandyrýan bölüme we ABŞ-nyň Içerki girdejiler gullugyna gözegçilik eder.



