«MTS» 2025-nji ýylda girdejisini 14 göterim artar

«MTS» aksionerler jemgyýeti 2025-nji ýylda girdejisini 14 göterim artyrar. Bu täzelik barada «interfax.ru» internet neşirinde habar berildi.

                  «MTS» aksionerler jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Wýaçeslaw Nikolaýew geçen ýylyň 20-nji dekabrynda bolup geçen «Maýa goýumlary gününde» eden çykyşynda kompaniýanyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça girdejisiniň 15 göterim ýokarlanyp, 700 milliard rubldan geçendigini aýtdy. Şol gün kompaniýanyň Maliýe işleri boýunça wise-prezidenti Alekseý Katunin bolsa 2025-nji ýylda «MTS» aksionerler jemgyýetiniň girdejisiniň ýene 14 göterim artjakdygyny belledi. Şeýle-de ol: «Kompaniýanyň maliýe ülňüsi «MTS» aksionerler jemgyýetiniň 2027-nji ýylda 1 trillion rubla çenli ýyllyk girdeji gazanyp biljekdigini çaklaýar.» – diýip belledi.

                  Ýeri gelende aýtsak, «MTS» aksionerler jemgyýetiniň 2023-nji ýylda hem girdejisi 13,5 göterim ýokarlandy we 606 milliard rubl boldy.

Ответить