Müsür rus gallasynyň 1 million 268 müň tonnasyny import etdi

Müsür şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda (täze oba hojalyk ýylynyň deslapky iki aýy) Russiýadan galla satyn almakda iň öňdebaryjy ýurt boldy. Hasabat döwründe Müsür rus gallasynyň 1 million 268 müň tonnasyny import etdi. Şonuň 1 million 244 müň tonnasy bugdaýdyr. Bu barada “Biznes reklama” gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Maglumat üçin, soňky iki aýda Russiýadan iň köp galla satyn alan ýurtlaryň ilkinji bäşliginden Saud Arabystany (1 million 87 müň tonna), Türkiýe (748 müň tonna), Eýran (634 müň tonna) we Bangladeş (622 müň tonna) ýaly ýurtlar hem orun alypdyrlar.

Ответить