
«NASA» 2025-nji ýylda «Hubble» teleskopyny maliýeleşdirmegi 89 million dollara çenli azaltmagy meýilleşdirýär

«NASA» kompaniýasy 2025-nji ýylda «Hubble» teleskopyny maliýeleşdirmegi 89 million dollara çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada «SpaceNews» neşiri habar berdi.
Neşiriň habar bermegine görä, Amerikanyň astronomiki jemgyýetiniň 245-nji mejlisinde «Hubble» teleskopyny dolandyrýan institutyň (STScI) wekilleri «NASA» kompaniýasynyň 2026-2028-nji ýyllar üçin býujet meýilnamasyna laýyklykda, teleskopyň ýyllyk maliýeleşdirilişiniň 83-87,8 million dollara çenli azaldyljakdygyny dile getirdi.
«Hubble» teleskopy wekilhanasynyň wagtlaýyn ýolbaşçysy Juliýa Roman-Dýuwal maliýeleşdirmäniň 20 göterimden gowrak azaldyljakdygy we munuň 35 ýyllyk obserwatoriýanyň işine düýpli täsir etjekdigi barada aýratyn durup geçmeklik bilen: «Bu býujet bilen biz işimize öňküsi ýaly dowam edip bilmeris» – diýip belledi.
«NASA» kompaniýasy 2025-nji ýyldaky maliýeleşdirmäni 89 million dollara çenli azaltmagy meýilleşdirýär. Bu maliýe kynçylyklary sebäpli, 2024-nji ýylyň mart aýynda esasy maglumatlar we neşirler «NASA» kompaniýasynyň internet sahypasyna geçirilip, «hubblesite.org» web saýty ulanyşdan galdyryldy. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa teleskopyň jemgyýetçilik torlardaky sahypalary ýapyldy. Şeýle-de, ylmy grantlar üçin býujet 30 million dollardan 15,9 million dollara çenli azaldylar.
Maliýe ýetmezçiligi sebäpli teleskopyň işgärleriniň sany hem azalýar. Bu ýagdaý taslamanyň töwekgelçiligini ýokarlandyrýar, sebäbi hünärmenler kynçylyklary çözmekde esasy orny eýeleýär.
«Hut şol hünärmenler garaşylmadyk meseleleri çözüp, näsazlyklary düzedýärler. Olaryň ýoklugy taslamanyň ejizligini ep-esli artdyrar» – diýip, Roman-Dýuwal düşündirdi.
Tehniki kynçylyklara garamazdan, teleskop häzir hem işini dowam etdirýär. «STScI»-nyň direktory Jennifer Lotsyň bellemegine görä, «Hubble» ylmy işleriň netijeliligini soňky 10 ýylda 30 göterim artdyrdy, inflýasiýa bolsa býujeti şonça azaltdy. Hünärmenler «Hubble» bilen bagly maliýe kynçylyklarynyň «James Uebb» teleskopyna hem täsir edip biljekdigini aýdýarlar.
«Inflýasiýanyň täsiri hakykat, NASA-nyň býujeti çäklendirilen we JWST-ni goldamak üçin töwekgelçilikler eýýäm oktýabr aýyndan başlap ýüze çykyp biler» diýip, Lots sözüni jemledi.



